Soňky habarlar

Arhiw

Tehnologiýalar merkezindäki oňyn netijeleriň sany artýar

11:2007.07.2020
0
1218

Aşgabatdaky Tehnologiýalar merkezinde nanotehnologiýa, biotehnologiýa, himiýa, ekologiýa, derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary boýunça Türkmenistanda ozal geçirip bolmaýan, täze ylmy tejribeler geçirilip, birnäçe oňyn netijeler gazanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşirde şol netijeleriň hatarynda aşakdakylar ýatlanylýar:

— ýurdumyzda ilkinji gezek nanogatlaklar, nanobölejikler we nanoturbajyklar taýýarlanylyp, olaryň elektron mikroskop we beýleki barlaglary geçirildi;

— Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden biologik işjeň maddalary bölüp almak, olaryň fitohimiki seljermelerini geçirmek, şeýle-de ösümlikleriň tebigy gorlaryna zyýan ýetirmezden, dermanlyk çig maly zerur mukdarda almaga mümkinçilik berýän «in vitro» tehnologiýasy özleşdirildi. Daşary ýurtlardan satyn alynýan dermanlaryň birnäçe görnüşleriniň ornuny tutup biljek derman serişdelerini öndürmäge mümkinçilik döredýän bejerijilik täsirli maddalaryň bölünip alynmagy ýola goýuldy;

— sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly Türkmenistandaky arheologik ýadygärlikleriň tematiki sanly elektron kartalaryny döretmegiň usulyýeti taýýarlanyldy. Şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we Hazarýaka sebitiň ösümlik örtüginiň, topragynyň ýagdaýynyň sanly elektron kartalary taýýarlanyldy. Bu sebitiň ösümlikleriniň we topragynyň ýagdaýyny, aerokosmiki suratlaryny ulanyp, köp derejeli monitoringini amala aşyrmagyň usulyýeti döredildi;

— ýurdumyzyň obasenagat toplumynda suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, şorlaşan ýerleriň mikroflorasyny işjeňleşdirmekde alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyrýan tehnologiýalara esaslanýan, «Altyn asyr» Türkmen kölüni rejeli peýdalanmagyň bir bitewi tehnologik ulgamy taýýarlanyldy;

— gowaçanyň tohum çigidini tygşytly we takyk ekmegiň, şeýle hem güýçli şorlaşan suwarymly ýerleri ekin dolanyşygyna öwürmegiň biologik usullary işlenilip taýýarlanyldy we önümçilige ornaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň