Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hökümetiň 3-nji iýundaky giňişleýin mejlisinden gelip çykýan meselelere bagyşlanan maslahatlar geçirildi

11:1407.07.2020
0
840

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça maslahatlar geçirildi. Olaryň barşynda degişli döwürde ýerine ýetirilen işlere syn berildi we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahatlarda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda pudaklaryň ykdysady ösüşini durnukly saklamak boýunça işler dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy.

Nygtalyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim möçberde saklanýar. Milli puluň hümmeti hem şol bir derejede durnukly saklanýar. Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam edýär. Hasabat döwründe umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, geçen alty aýda ýurdumyzda 1 milliard 300 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Geçen ýarym ýylyň dowamynda 14 sany iri desga, umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 1 milliard manada golaýlaýan, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi.

Maslahatlaryň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny, şeýle hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi giňden we ýokary derejede belläp geçmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň