Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri 14 müň 337 dalaşgäri talyplyga kabul eder

09:2207.07.2020
0
12897

Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul ediler ― diýip, TDH habar berýär.

Ýakynda alty aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriň rektorlaryna ýüzlenip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-aragatnaşyk, aýratyn hem inžener-tehniki we tehnologiýalar boýunça täze hünärleriň girizilmegini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň tabşyrylandygyny bellemek gerek.

Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa, 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar.

Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň