Braziliýaly meşhur hüjümçi gazak topary bilen şertnama baglaşar

19:5406.07.2020
0
723

Braziliýaly meşhur futbolçy Wagner Law Gazagystanyň Kaýrat toparynyň hataryna goşular. Bu barada gazak topary twitter arkaly resmi habar berýär. 36 ýaşyndaky Wagner Law bolsa howa menzilinde: “ Saglyk barlaglaryndan sagamanja geçip, täze klubumda topardaşlarym bilen türgenleşiklere başlap, toparyň başarnygy üçin elimden geleni gaýgyrman zähmet çekjek” diýip, žurnalistlere gürrüň berdi. Gazak topary bolsa, gepleşikleriň başlandygyny belläp, tejribeli oýunçyny “Hoş geldiň, Wagner!” diýen setirler bilen garşy aldy. Korintians bilen şertnamasyny ýatyran Wagner Law Palmerias, Flamengo, Monako, SSKA Moskwa, Şandon Lunen, Alanýaspor, Beşiktaş ýaly klublaryň köýnekçesini geýdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň