BSGG-niň wekiliýeti «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary bilen Türkmenistana gelýär

17:1706.07.2020
0
48904

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti şu gün agşam «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary bilen Türkmenistana sary ýola düşer. Bu barada BSGG-niň sebitleýin direktory Hans Klýuge Twitterdäki resmi hasaby arkaly habar berdi.

BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda işlän günlerinde ýokary we ýerli guramalar tarapyndan COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy meýilleşdirýärler. Wekiliýetiň düzüminde umumy saglygy goraýyş we epidemilogiýa boýunça halkara derejeli bilermenleriň 5-si bolar.

Häzir Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň