Milli «Ak bugdaý» muzeýine gezelenç guraldy

16:4706.07.2020
0
665

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen syýahata edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Zähmetkeşleriň keramatly türkmen topragynyň baý taryhyna, milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini, watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmak hem-de şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen syýahat mahalynda oňa gatnaşyjylar muzeý zallaryna aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleriniň ol ýerdäki tapyndylar dogrusyndaky gürrüňleri has uly gyzyklanma döretdi.

Muzeý sergisi arheologiýa, oba hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Garaşsyzlyk ýaly bölümlerden ybarat bolup, şol bölümleriň taryhy tapyndylardyr örän ähmiýetli maglumatlary öz içine almagy diýseň begendirýär. Syýahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar şol bölümleriň aýratynlygy bilen içgin tanyşdylar. Halkymyzyň gadymy ekerançylyk medeniýetini, ata-babalarymyzyň baý mirasyny açyp görkezýän şol gymmatlyklar syýahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň