Kakadaky «Ýaşyl ýaýla» merkezinde çagalaryň sapaly dynç alyşy dowam edýär

16:4406.07.2020
0
2172

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde bagtyýar nesliň şadyýan gülki sesleri has buýsançly ýaňlanýar. Tomsuň häzirki gyzykly günlerinde ol ýerde welaýatyň dürli ýerinden gelen mekdep okuwçylarynyň uly topary dynç alyş möwsümini ruhubelentlikde geçirýär. Munuň üçin merkezde döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler çagalara gyzykly başdan geçirmeleri, ýakymly pursatlary peşgeş berýär ― diýip, «Ahal durmuşy» gazetinde habar berilýär.

Merkezde çagalaryň arasynda ýaş aýratynlygyna görä, täsirli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary we beýleki baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Ol ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlar bolsa, her bir çäräniň netijeli we ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edýärler. Olaryň bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine düşýändigine göz ýetirmek has-da ýakymlydyr.

Merkeziň çägindäki sport meýdançalary we açyk asmanyň astyndaky suw howzy çagalaryň aýratyn höwes edýän ýerleridir. Olarda çagalaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary geçirmäge, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegine döredilen şertler ünsi çekijidir. Ýaş nesliň wekilleri özleri üçin döredilen şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olar awtomatlaşdyrylan oýunlar desgasynda ýygy-ýygydan bolmagy halaýarlar. Bu desgadaky döwrebap awtomatlaşdyrylan oýun enjamlary olara ençeme hezillikleri eçilýär.

Çagalar tebigatyň gözel ýerleri we taryhy ýadygärlikleri boýunça gezelençlere uly isleg bildirýärler. Bu bolsa, olaryň baý tebigatymyza we buýsançly taryhymyza bolan söýgüsini artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň