Soňky habarlar

Arhiw

Bereket kän hojalygynda 1 million kub metrden gowrak magdan däl materiallar öndürildi

15:0306.07.2020
0
616

Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde alnyp barylýan dürli maksatly binalary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligi hem-de Bereket kän hojalygy kärhanalary saldamly işleri bitirýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu öňdebaryjy kärhanalarda şu ýylyň geçen alty aýynda 1,1 million kub metre golaý magdan däl gurluşyk materiallary öndürilip, bellenilen meýilnama 102,5 göterim hötde gelindi.

Diwara örülýän materiallary taýýarlamagyň meýilnamasynyň 155 göterime barabar berjaý edilmegi bolsa has-da buýsançly görkezijidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň