Serdar Azmun «Zenidiň» çempionlyk duşuşygynyň iň gowy futbolçysy boldy

01:1306.07.2020
0
11148

«Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun Russiýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Krasnodar» bilen geçirilen duşuşygyň «Iň gowy oýunçysy» diýlip ykrar edildi. «Krasnodaryň» stadionynda geçirilen duşuşyk Sankt-Peterburgyň toparynyň 4:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

65 minut oýunda galan eýranly türkmen iki gezek tapawutlanmagy başardy.

Duşuşykdan soňra Russiýanyň Premýer ligasy we «Matç Premýer» telelýaýlymy tarapyndan iň gowy futbolça niýetlenen baýrak Serdar Azmuna gowşuryldy.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 62-ä çykaran «Zenit» çempionat tamamlanmanka, çempion bolmagy başardy. Şeýlelikde, eýranly türkmen çempionlyk duşuşygynyň iň gowy futbolçysy boldy.

«Zenidiň» hataryna 2019-njy ýylyň gyşynda goşulan Serdar Azmunyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem agzasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň