Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda elektron neşirler tanyşdyryldy

17:4705.07.2020
0
4911

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminde Türkmenistanda çykýan elektron neşirler bilen tanyşdyryş dabarasy boldy ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Oňa welaýat merkezindäki hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň öňünde «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy Agageldi Italmazow çykyş edip, ýurtda çap edilýän elektron neşirler, onuň rubrikalary, neşirden peýdalanmagyň usullary barada habar berdi.

Türkmenistanda senagatda we medeni-durmuş ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Ilata elektron neşirleri hödürlemek hem şol ugurlaryň biridir. Şu ýylyň birinji iýulyndan elektron neşirlere abuna ýazylmak hem ýola goýuldy. Netijede okyjy elýeter bahada ýurtda çykýan ähli neşirler bilen internet ulgamynyň üsti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň