Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ýolbaşçylarynyň öňünde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy

22:4404.07.2020
0
9994

Ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow heniz çözülmegi köp zähmeti talap edýän meseleleriň az däldigini aýdyp, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna çekdi.

Ýurdumyzda ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek; ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, bank ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň, eksport mümkinçiligi ýokarlandyrmak we walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek meseleleriniň möhümdigi nygtaldy.

Senagat pudagynda bäsleşige ukyplylygy pugtalandyrmak, kiçi telekeçiligi ösdürmek, geljegi uly ugurlar bolup durýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmalydyr diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milletiň Lideri ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini belledi.

Hususylaşdyrmagyň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalary, üpjünçilik desgalary, şeýle hem köp sanly beýleki desgalar girizilmelidir.

Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny guramak we bäsleşikli söwdalary açmak hususylaşdyrmagyň esasy usullaryna öwrülmelidir.

Hökümet agzalaryna ýüzlenip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara we içerki döwlet çäreleriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. Hususan-da, sentýabr aýynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Maslahatda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna örän möhüm üýtgetmeleri girizmek boýunça çözgütler kabul ediler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy, şeýle hem berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýi giňden bellenip geçiler. Bu çäreler ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryndan, bizde aýdylyşy ýaly, örän ýokary derejede geçirmegi talap edýär diýip, milletiň Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň