Şu ýylky Halk Maslahaty 25-nji sentýabrda geçiriler

23:4203.07.2020
0
12249

3-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Permana gol çekdi.

Resminamada görkezilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçiriler.

Şeýle hem Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bellenildi.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 385-nji Permany bilen tassyklanan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalarynyň sanawyny 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna berer.

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berer we bu işleri utgaşdyrar.

 

Şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul eden 2-nji kararyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň