“Soňky agşamlyk nahar” ýokary durulykda hödür edildi

18:4303.07.2020
0
1753

“Google” kompaniýasy Leonardo Da Winçiniň “Soňky agşamlyk nahar” atly meşhur kartinasynyň ýokary durulykdaky elektron nusgasyny ýaýratdy. “Google Arts & Culture” saýty dünýäniň belli muzeýlerini we taryhy ýadygärliklerini internet arkaly görmäge mümkinçilik döredýär. Bu eser XV asyryň ahyrlarynda belli filosof, astronawt, oýlap tapyjy, matematik, ýazyjy we suratkeş bolan Da Winçi tarapyndan çekilipdir. Suratyň elektron nusgasy Angliýanyň Sungat akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgama geçirilipdir. Ýokary durulykdaky suraty hakykysyndan hem jikme-jik görüp bolýar. “Google Arts & Culture” sahypasynda bu surat bilen bagly maglumat hem berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň