Soňky habarlar

Arhiw

“Messi Barselonadan gitmekçi bolýar”

18:2703.07.2020
0
1363

Messi Barselonadan gidýärmi? Bu sowal haçan-da Barselona yzly-yzyna utuk ýitirende, hemişe diýen ýaly metbugatda orun alýar. Bu baradaky habary soňky gezek “Cadena Ser” radio ýaýlymy öz okyjylaryna ýetirdi. Radio ýaýlymynyň habar bermegine görä, Lionel Messi geljek ýylyň tomsundan soň, Barselonadan gider. Başgaça aýdylanda, ol Barselonada şertnamasy tamamlanýança oýnar. Ondan soň, ol başga klublaryň birinde karýerasyny dowam etdirer. Radionyň habar bermegine görä, 33 ýaşyndaky Messi täze şertnama baradaky dowam edýän gatnaşyklary häzirlikçe togtadypdyr. Ýogsam ol şertnamasyny ýene-de 2 ýyllyk, ýagny 2023-nji ýyla çenli uzaltmaga golaý gelipdi.

Ýeri gelende aýtsak, Lionel Messiniň Barselonanyň tälimçisinden hem-de käbir futbolçylardan nägiledigi azda-kände bilinýär.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň