Soňky habarlar

Arhiw

Gökderede dynç alýan çagalaryň arasynda taslama we surat bäsleşigi geçirildi

12:0303.07.2020
0
1721

«Milli mirasymyz — milli buýsanjymyz» ady bilen Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde bäsleşik geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu çäre ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýadygärlikleriň taslamasyny ýasamaga we olaryň suratyny çekmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guran döredijilik bäsleşigine bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Döredilen işleriň arasynda «Soltan Sanjaryň kümmeti», «Gutlug Temiriň minarasy», «Seýit Jemaletdin ýadygärlikler toplumy» we beýleki taryhy ýadygärlikleriň şekillerini görmek bolýar. Aýratyn hem «Gadymy Dehistan», «Gyzgala rowaýaty», «Joşgunly Merw» atly suratlara millilik, çuňňur watansöýüjilik ruhy siňdirilipdir. Çagalaryň sünnäläp ýasan şekilleri hem çeken suratlary emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň