Soňky habarlar

Arhiw

Ahaldaky we Lebapdaky sement zawodlarynyň gurluşygyna girişildi

11:5903.07.2020
0
1240

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda birbada iri önümçilik kärhanalarynyň ikisiniň — Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşyklaryna badalga berildi. Olary gurmak türkmen telekeçilerine ynanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze zawodlaryň gurluşygy ynanylan hususy kärhanalaryň ýörite bäsleşik esasynda saýlanyp alnandygyny aýratyn bellemeli. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan gürrüňi edilýän zawodlaryň ikinji tapgyrlaryny gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň 18-si gatnaşdy. Netijede, bäsleşikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Beýik-Bina» hususy kärhanasy hem-de «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetleri öňe saýlanyp, ýeňiji bolmagy başardylar.

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatdan soň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ynanylan «Beýik-Bina» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Bekmuhammet Jajow şeýle gürrüň berdi:

— Biziň gurluşykçylarymyz Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 14-nji we 15-nji tapgyrlaryna gatnaşyp, 12 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp bardylar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen Ahal welaýatynda 600 orunlyk orta mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny ýokary hilli gurup, ulanmaga berdik. Edil şu günlerde paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda söwda we dynç alyş işewürlik merkezinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat täze toplumyň gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýarys. Bu iri gurluşyga tejribeli işçileriň 1200-si gatnaşýar. Gurluşyk üçin ýerli çig mallaryň peýdalanylmagy işleriň ýokary hilli hem-de çalt depginde amal edilmegine getirýär.

Gurluşygy ynanylan täze önümçilik kärhanasynyň hem öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, ony 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Täze zawodyň işe girizilmegi sement önümleriniň möçberini köpeltmäge, halkymyz tarapyndan oňa bildirilýän islegiň kanagatlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berer, önümiň bahasynyň elýeterli bolmagyna getirer. Sement önümlerini öndürmek ýurdumyzyň senagat pudagynda esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň