Soňky habarlar

Arhiw

Tejende kikboksing boýunça milli ýaryşlar geçirildi

23:3502.07.2020
0
5493

Tejen şäherindäki sport mekdebinde 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda kikboksing boýunça ýaryşlaryň ikisi geçirildi. Olaryň biri 2004 ― 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasyndaky Ahal welaýatynyň açyk Kubok ýaryşy, ikinjisi bolsa 10 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky sebit birinjiligidir.

Ýaryşlara ýurdumyzyň we welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan toparlar gatnaşdylar. Paýtagtly türgenleriň arasynda başa-baş söweş sungatynyň karate-do, uşu, taý boksy, boks, kýokşinkaý-karate ýaly görnüşleriniň wekilleri hem bar.

Ýaryşda ýer eýeleri bilen birlikde, Balkan, Lebap, Mary welaýatlaryndan gelen türgenler hem üstünlikli çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň