Soňky habarlar

Arhiw

Iň köp sary kart alan futbolçylar

19:2702.07.2020
0
1208

“GiveMeSport” portaly futbol dünýänisinde soňky 20 ýylda iň köp sary kart alan futbolçylaryň sanawyny öz okyjylaryna ýetirdi. Reýtingde 1-nji orunda Real Madridiň kapitany, meşhur goragçy Serhio Ramos bolup, ol 259 sary kart alypdyr. 2-nji ýerde meksikaly futbolçy Herardo Torrado, 3-nji hatarda braziliýaly Dani Alwes barýar. Olar degişlilikde, 228 hem-de 210 gezek sary kart alypdyrlar. Ispaniýaly Habi Alonso 4-nji, italiýaly Daniele Konti 5-nji, ispaniýaly futbolçylar Gabi 6-njy, Raul Garsiýa 7-nji Dawid Albelda 8-nji orunlary eýeleýärler. Italiýaly Jampiero Pinziniň 9-njy bolan sanawynda türkiýeli Emre Belezoglu 10-njy hatardan sanawa goşulypdyr.

Iň köp sary kart alan futbolçylar:

1. Serhio Ramos (Real M) – 259 sary kart

2. Herardo Torrado (meksikaly ozalky futbolçy — 228

3. Dani Alwes (San-Paulu) – 210

4. Habi Alonso (ispaniýaly ozalky futbolçy) – 197

5. Daniele Konti (Kaliari) – 190

6. Gabi (Al-Sadd) – 189

7. Raul Garsiýa (Atletik) – 185

8. Dawid Albelda (ispaniýaly ozalky futbolçy) – 183

9. Kampiero Pinzi (Padowa) – 182

10. Emre Belezoglu (Fenerbahçe) – 181

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň