Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda boljak welotrek boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýarlyga bagyşlanan wideomaslahat geçirildi

18:1702.07.2020
0
4021

2021-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyga bagyşlanan onlaýn görnüşdäki maslahat Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) arasynda geçirildi.

Gepleşikleriň birini ýarymy çempionatynyň Guramaçylyk komitetini döretmek, býujet, dünýä çempionatynyň nyşany, halkara logistika hyzmatlary ýaly meselelere bagyşlandy.

Ikinji ýarymda bolsa taraplar türgenleriň ýokary derejedäki taýýarlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselede Aşgabadyň ajaýyp mümkinçilikleriniň bardygy aýratyn bellenildi. Türkmen paýtagty türgenleşikler üçin hem, dünýä çempionatynyň özüni geçirmek üçin hem baý mümkinçilikleri bilen hyzmata taýýar.

Dünýäniň güýçli ýygyndylarynyň wekilleri bilen tejribe alyşmak, taýýarlyklaryň geljekki ädimlerii kesgitlemek, geljegi uly bolan ýetginjek türgenleriň hem öz ukybyny görkezmegine mümkinçilik döretmek maslahatda orta atylan wezipeleriň hataryna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň