Iň arzan “Porsche Taycan” tanyşdyryldy

17:3502.07.2020
0
1021

“Volkswagen Group” awtoulag öndüriji topara degişli bolan “Porsche” brendiniň “Taycan” elektrokarynyň iň arzan görnüşi tanyşdyryldy. Mundan ozal ulagyň dört tigri birbada aýlanýan görnüşi satuwa çykarylypdy. Indi bolsa kompaniýa yzky tigirlerinden güýç alýan täze modelini Hytaýda köpçülige görkezdi. Bu ulagyň batareýasynyň iki görnüşlisiniň boljakdygy mälim edildi. “Performance Battery” atly görnüşiniň 79,2 kW/sagat batareýasy bolup, kuwwaty 408 at güýjüne barabar. Bu ulag bir gezekki zarýady bilen 414 kilometr ýol geçýär. “Performance Battery Plus” atly görnüşiniň bolsa 93,4 kW/sagat batareýasy bolup, bir gezekki zarýady bilen 489 kilometr ýol geçýär. Ulagyň 125 müň dollardan satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň