Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Iran Air awiakompaniýasy Türkmenistana howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

23:0901.07.2020
0
21393

Iran Air döwlet awiakompaniýasy Büjnürt (Eýran) ― Aşgabat (Türkmenistan) aralygynda howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Demirgazyk Horasan welaýatynyň general-gubernatory Mohammad-Ali Şojai «Tehran Times» gazetine maglumat berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu howa gatnawy türkmen we eýran taraplarynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen özara Ylalaşyga laýyklykda dörediler. Gatnaw iki döwletiň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine hem ýardamyny ýetirer.

Demirgazyk Horasan welaýatynyň belli bir bölegi Türkmenistan bilen serhetdeşdir. Bu sebitiň Maşat ― Gürgen aralygyndaky syýahatçylyk ugry dünýä syýahatçylarynyň arasynda has meşhur. Umuman, syýahatçylyk pudagyna uly üns berýän welaýatda munuň üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň