“Toyota” – dünýäniň iň gymmat awtoulag brendi

16:1001.07.2020
0
1461

Golaýda “BrandZ Top 100 Global Brand” atly sanaw mälim edilipdi. Dünýä belli brendleriň gymmatyny görkezýän sanawda “Amazon” birinji bolupdy. Entek döredilenine dört ýyl bolan “TikTok” mobil applikasiýasy hem ilkinji ýüzlükde özüne orun tapypdy. Sanawda iň ünsi çeken zatlaryň bir hem awtoulag kompaniýalaryň sanynyň azlygy bolupdy. Reýtinge diňe üç sany awtoulag brendi girmegi başardy. Soňky ýyllarda has köp mahabat edilýän “Tesla” bolsa, sanawda özüne orun tapmady. Ýapon kompaniýasy “Toyota” bolsa, 48-nji orna mynasyp görüldi. Germaniýanyň “Mercedes-Benz” kompaniýasy 56-njy, BMW  61-nji boldy. ABŞ-nyň “Ford” hem-de Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýalary degişlilikde 10 we 15 bal ýitirip, sanawyň daşynda galdy. Bilermenler beýleki pudaklardan tapawutlylykda awtoulag senagatynyň öz nyrhyny artdyrmaga we düşürmäge has meýillidigini aýdýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň