Soňky habarlar

Arhiw

Messiniň 700-nji goly ýeňşe ýetmedi

10:4001.07.2020
0
952

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” “Barselona” topary öz meýdançasynda “Atletiko Madridi” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. 11-nji minutda Diego Kostanyň öz derwezesinden geçiren goly bilen “Barselona” öňe saýlandy. 18-nji minutda eminiň bellän penaltisini Diego Kosta dürs ýerine ýetirip bilmedi. VAR-yň görkezmesi bilen Ter Ştegeniň düzgüni bozandygy üçin täzeden ýerine ýetirilen urgyny Saul Nigues dürs urmagy başardy. 2-nji ýarymyň 5-nji, has takygy, oýnuň 50-nji minutynda emin ýene-de, bu gezek ýer eýeleriniň peýdasyna penalti urgusyny belledi. Ak nokatdaky topy dürs ýerine ýetiren super ýyldyz Lionel Messi karýerasyndaky 700-nji goluny derwezä girizdi. Bu goldan 12 minut soň, emin ýene ak nokady görkezdi. Bu sapar hem Saul Nigues kynlyk bilenem bolsa, topary dürs urup, hasaby deňlemegi başardy. Şeýlelikde, duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bassyr 2-nji gezek, arakesmeden soň 6 oýunda 3-nji sapar deňme-deň oýnan “Barselona” çempionlyk ugrunda uly ýitgä sezewar boldy. Häzirki wagtda 1 utuk öňde barýan “Real Madrid” ertir “Hetafeni” ýeňen ýagdaýynda aratapawut 4 utuk bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň