Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Aşgabatda tomusky türgenleşikleri geçirýär

16:3530.06.2020
0
8859

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu günler Aşgabatda tomusky türgenleşikleri alyp barýarlar.

Häzirki türgenleşikler, esasan, fiziki taýýarlyk bilen bagly. Hokkeýçiler trenažor zallarynda, kilometrlerçe welosiped sürmek arkaly we suwda türgenleşýärler. Tomusky türgenleşikleriň aglabasy milletiň Lideriniň başlangyjy bilen ýakynda abadanlaşdyrylan «Altyn kölüň» kenarynda geçirilýär.

Milli ýygyndymyzyň tälimçiler düzümi awgust aýyndan başlap, türgenleşikleri buzly meýdançalarda dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň