Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasynyň wekilleri IIHF-niň onlaýn maslahatyna gatnaşdy

16:2930.06.2020
0
1635
Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasynyň wekilleri IIHF-niň onlaýn maslahatyna gatnaşdy

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýa tarapyndan oňa agza milli federasiýalaryň 80-siniň gatnaşmagynda nobatdan daşary onlaýn maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler barada milli federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew şeýle gürrüň berýär:

— Maslahatda ilkinji seredilen mesele dünýä çempionatynyň Ýokary dwizionynyň geçiriljek seneleri boldy. Dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň arasyndaky çempionaty 2021-nji ýylyň 21-nji maýy ― 6-njy iýuny aralygynda Minsk (Belarus Respublikasy) we Riga (Latwiýa) şäherlerinde geçiriler.

Şeýle hem maslahatyň barşynda ululy-kiçili halkara ýaryşlaryň 20-si bilen bagly meselelere seredildi. Olaryň arasynda dünýä çempionatynyň üçünji dwiziony hem bar. Ozal hem habar berlişi ýaly, bu dwizionda Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy hem ýaryşýar.

Maslahatda Filippinleriň we Malaýziýanyň milli federasiýalary Halkara federasiýasynyň hataryna kabul edildi. Şeýlelikde, IIHF-niň agzalary indi 80-den hem geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň