Inzaginiň topary “Serie A”-da çykyş eder

15:3330.06.2020
0
861

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze möwsümde çykyş etmäge hukuk gazanan ilkinji topar belli boldy.  “Serie B”-de 31-nji tapgyryň çäginde öz meýdançasynda “Ýuwe Stabia” toparyny Marko Saunyň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Benewento” topary 1 ýyllyk arakesmeden soň, ýene-de ýokary liga – “Serie A” dolandy. Möwsümiň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda, utugyny 76-a ýetirip, aratapawudy 24 utuga çykaran “Benewento” topary taryhynda 2-nji gezek “Serie A”-da çykyş eder. “Benewento” şäheriniň adybir kluby 2017/2018 möwsüminde ilkinji gezek “Serie A”-da çykyş edip, soňky orunlary eýeläpdi. Topary meşhur hüjümçi Filippo Inzagi tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň