Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gymmat ýurtlary

11:1630.06.2020
1
2966

Her ýyl dünýä ýurtlarynyň ýaşaýyş durmuşlarynyň maliýe hasabatyny jikme-jik mälim edýän CEOWORLD neşiri şu ýylyň sanawyny öz okyjylaryna ýetirdi. Berlen hasabatda 2020-nji ýylyň iň gymmat ýurtlarynyň aglabasy Ýewropa we Aziýada bolup, 132 ýurtdan ybarat bolan sanaw rezidensiýa (myhmanhana, ýaşaýyş jaý tölegleri), tekstil önümleriniň bahalary, taksi tölegleri, köpçülikleýin hyzmatlaryň tölegleri, internet arkaly söwda, marketlerden söwda etmek, restoranlarda naharlanmak ýaly gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülen pişeler esasynda düzüldi. Soňa görä, sanawda 1-nji orny Şweýsariýa eýeleýär. 2-nji ýerde Norwegiýa bolup, 3-nji basgançakda Islandiýa döwletiniň ady bar. Aziýa yklymynyň iň gymmat ýurdy Ýaponiýa bolup, ol 4-nji bolup sanawa goşulýar.

 

Dünýäniň iň gymmat ýurtlary

1. Şweýsariýa

2. Norwegiýa

3. Islandiýa

4. Ýaponiýa

5. Daniýa

6. Bahama adalary

7. Lýuksemburg

8. Ysraýyl

9. Singapur

10. Günorta Koreýa

11. Gonkong (Hytaý)

12. Barbados

13. Irlandiýa

14. Fransiýa

15. Niderlandlar

16. Awstraliýa

17. Täze Zelandiýa

18. Belgiýa

19. Seýşel adalary

20. ABŞ

21. Awstriýa

22. Finlýandiýa

23. Şwesiýa

24. Kanada

25. Puerto Riko

26. Malta

27. Birleşen Korollyk

28. Italiýa

29. Germaniýa

30. Makau (Hytaý)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
bbahtiyarreal ( 02.07.2020 )

Turkmenistan nacenji yerde duryaka?

0