Soňky habarlar

Arhiw

Pýaniç “Barselona”, Artur “Ýuwentusa” transfer boldy

10:2130.06.2020
0
1346

Ýewropa futbolynda köpden bäri garaşylýan transfer ahyry amala aşdy. “Barselona” bilen “Ýuwentus” topary oýunçy alyş-çalşygyny geçirdi. “Barselona” topary “Ýuwentusyň” 30 ýaşyndaky bosniýaly ýarymgoragçysy Miralem Pýaniçi 60+5 million ýewro baha transfer etdi. “Ýuwentus” bolsa, “Barselonanyň” 23 ýaşly brazil ýarymgoragçysy Artur Melony hataryna goşdy. Italýan topary Arturyň transfer üçin katalonlara 72+10 million ýewro tölär. Pýaniç täze kluby bilen 4, Artur bolsa 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Iki oýunçy-da möwsümiň ahyrynda täze klublarynyň düzümine goşularlar.

Pýaniç 2016-njy ýylda “Romadan” “Ýuwentusa” 32 million ýewro, Artur bolsa, 2018-nji ýylda “Gremiodan” 31+9 million ýewro baha “Barselona” geçipdi.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň