Soňky habarlar

Arhiw

Rejep Taýyp Ärdogan türkmen Liderini 63 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

23:4029.06.2020
0
8470

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Dostluky ýurduň baştutany milletiň Liderini 63 ýaşynyň dolmagy — yslam dünýäsinde Muhammet pygamberiň ýaşy hökmünde belent sarpa goýulýan sene bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde, jogapkärli we köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli belende galýandygyny hem-de berkeýändigini, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň sebit durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň bähbidine gulluk edýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.

Döwlet Baştutany gutlaglar üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de umumy taryhy kökleri bolan, medeni däp-dessurlary we ruhy-ahlak gymmatlyklary birleşdirýän iki ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda has okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.

Söhbetdeşler häzirki taryhy döwürde täze hil derejesine we many-mazmuna eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary hasaba alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň depginleriniň ýokarlanýandygyny aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Milletiň Lideri özara ynam hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada aýdyp, öz türk kärdeşine Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, esasan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde hemişe goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň