Türkmen we özbek Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdylar

23:3929.06.2020
0
5136

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini durmuşynda unudylmajak we şatlykly sene — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda Özbegistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ýurda özüniň ýakyn goňşusy hem-de öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny belledi.

Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklaryna hemişe mahsus bolan ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, göni aragatnaşyklary we özara alyşmalary höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Söhbetdeşler doganlyk goňşy halklaryň — köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugrunyň ähmiýetini hem bellediler. Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýdyp, bu mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň