Türkmenistanyň Prezidenti täze şygryny mukaddes bugdaýa we edermen gallaçylara bagyşlady

23:3129.06.2020
0
13994

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň täze şygryny mukaddes bugdaýa, daban azaby bilen galla ýetişdirip, Watana, ene topraga çäksiz söýgüsini siňdirýän zähmetkeş daýhanlarymyza bagyşlady. Milletiň Lideri bu şygry ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde okap berdi. Şygyrda şeýle diýilýär:

BUGDAÝ

Säher synlap bereketli meýdany,

Göwnüm tapdy ylham-heýjany, bugdaý! 
Gaýrat saňa, halal türkmen daýhany!
Çoýup dur çoguna dünýäni, bugdaý!

Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym,
Bagtyň baky mukamydyr Watanym!
Ýurdum diýip, belent maksat tutanyň
Joş urar döwleti, döwrany, bugdaý!

Ýeriň mähri, Arşyň rehmeti bilen,
Durmuşyň höziri, rehneti bilen,
Jepakeş ilimiň zähmeti bilen
Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!

Ojaklar otludyr, saçaklar doly,
Döwletim rowaçdyr, açykdyr ýoly, 
Halkym yhlasyndan tapýar kemaly, 
Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!

Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe, 
Nur-bereket insin altyn çäjiňe!
Meňzäp topragymyň tylla täjine,
Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!

Milletiň Lideriniň ýürekden gaýdýan joşgunly goşgy setirleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň