Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy geljegi uly hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň tarapdary

23:3029.06.2020
0
3158

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň gyrgyz kärdeşi bilen ynanyşmak, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk dostluk, ruhy we medeni-taryhy umumylyk esaslaryna daýanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara gatnaşyklary geljegi uly birnäçe ugurlar boýunça işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary hem-de hökümet derejelerinde yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň we özara saparlaryň netijesinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy we hil taýdan täze derejä çykdy.

Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berip, umumy pikire görä, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan oňyn çemeleşmeleri ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, ikitaraplaýyn ugradylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň