Soňky habarlar

Arhiw

Ylham Alyýew telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

23:2929.06.2020
1
3457

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli döwlet işinde hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky döwürde öz ösüşinde täze itergä eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we uly geljeginiň bardygyny belledi.

Söhbetdeşler yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde, oňyn hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykylandygyny bellediler. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna mahsus bolan deňhukuklylyk, açyklyk we özara ynanyşmak hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat hem-de ähli bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň binýady bolup durýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň gury ýer, deňiz, howa we demir ýol gatnawlaryny ösdürmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna ibermek, kommunikasiýalar hem-de aragatnaşyk ulgamynda ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatynda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, azerbaýjan doganlarymyza Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldaw berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Tolkaty ( 01.07.2020 )

Pyhammer yasy gutly bolsun Hormatly prezidentimz ALLA hayrly uzak ömur bersin

0