Soňky habarlar

Arhiw

Bir ýyldan soň täzeden futbola gaýdyp geldi

17:3129.06.2020
0
838

Geçen möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlan gollandiýaly futbolçy Arýen Robben 1 ýyllyk arakesmeden soň, täzeden professional futbola dolandy. Ol özüniň ilkinji kluby “Groningen” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 36 ýaşyndaky winger täze klubunda 10-njy belgili köýnekçäni geýer. Şeýlelikde, Robben 16 ýyldan soň, täzeden Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisiede” çykyş eder. 2000-nji ýylda “Groningende” futbola başlan Robben PSW (2002–04), “Çelsi” (2004-07), “Real Madrid” (2007–09) hem-de “Bawariýa” (2009–19) klublarynda oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň