Soňky habarlar

Arhiw

Soňky ulagyny öndürdi

15:5029.06.2020
0
1745

“Volkswagen”-iň 116 ýyldan bäri işleýän Swikkau zawodynda benzin bilen işleýän soňky ulag öndürildi. Bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda bu ýerde jemi 9,5 milliondan gowrak maşyn öndürilip, onuň  6 million 49 müň 207 sanysy “Volkswagen”-e degişlidir. Zawodyň konweýerinden çykan soňky ulag “Golf R Estate” modeli boldy. Bu ýerde mundan beýläk, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar öndüriler. Zawodda “Volkswagen”-den başga-da, “Audi”, DKW, “Trabant” ýaly brendler öndürilýär. Bu  ýerde “Volkswagen”-iň “Volkswagen”, “Audi” we “Seat” modelleriniň jemi 6 görnüşi öndüriler. Önümçilik desgasynda her ýylda 330 müň elektrokar öndüriler. Zawdoyň bir bölegi “Volkswagen ID.3” maşynlarynyň öndürilmegi üçin gaýtadan enjamlaşdyrylar. Şeýle hem bu ýerde “Volkswagen ID.4” modelleri öndüriler. Zawod ilkinji gezek 1904-nji ýylda “Horch” kompaniýasy tarapyndan  gurlupdyr. Soňky ýyllarda dürli kompaniýalaryň eýeçiliginde bolan zawody 1990-njy ýylda “Volkswagen” satyn alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň