Soňky habarlar

Arhiw

FA Kubogynyň ýarym finalynda Mançester we London şäheriniň wekilleri duşuşarlar

13:1329.06.2020
0
738

Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy. Çärýek final duşuşyklarynda “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Norwiç Sitini” goşmaça wagtda 2–1 hasabynda ýeňmegi başardy (Kantwell 75 – Ighalo 51, Maguaýr 118). Edil şonuň ýaly “Arsenal” hem myhmançylykda “Şeffild Ýunaýtedi” Pepe we Seballosyň gollary bilen 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Çelsi” hem myhmançylykda ýeňiş gazanyp, londonlylar “Lester Sitini” Barkliniň 63-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1–0 utdy. “Nýukasl” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky oýunda-da myhmançylykdaky topar ýeňiş gazanmagy başardy. “Siti” De Bruýne hem-de Sterlingiň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykmagyň hötdesinden geldi.

“Wembley” stadionynda oýnaljak ýarym finalda tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsi” hem-de “Arsenal” bilenem “Mançester Siti” toparlary duşuşarlar. Ýarym final duşuşyklary 18–19-njy iýulda oýnalar. Final duşuşygy bolsa, 1-nji awgustda “Wembley” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň