Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga — 2020: nobatdaky iki tapgyr Aşgabatda geçiriler

12:2329.06.2020
0
4240

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň Mary şäherindäki duşuşyklary tamamlandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde çempionatyň 10, 11 we 12-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary geçirildi.

Edil paýtagtda bolşy ýaly, Marydaky duşuşyklar hem uly hasaply ýeňişlere baý boldy. Hususan-da, «Köpetdag», «Migrasiýa», «Gümrükçi» ýaly toparlar garşydaşlaryny uly hasapda ýeňdiler.

Mary şäherindäki duşuşyklardan soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futzal topary 31 utuk bilen ýaryşyň birinji basgançagyndaky ýerini saklap galdy. Ikinji, üçünji orunlary bolsa degişlilikde 23 we 22 utuk bilen «Migrasiýa» hem-de «Gümrükçi» toparlary eýeleýär.

Çempionatyň indiki duralgasy ýene-de paýtagtymyz bolar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 13-nji we 14-nji tapgyryň duşuşyklary 9 — 10-njy iýul günleri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda geçiriler.

Naýbaşy liganyň çempionynyň 2021-nji ýylda geçiriljek yklym ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň