Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurtly kärdeşleri türkmen Liderini doglan güni bilen gutladylar

11:4929.06.2020
0
851

Doglan güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa daşary ýurtly kärdeşlerinden Gutlaglar geldi.

Gutlaglary ugradanlar — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon türkmen Liderine uzak ýaş we berk jan saglygyny arzuw etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurt Liderlerinden Gutlaglaryň gelmegi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň