Eýran Türkmenistana eksport harytlaryny ugradyp başlady

11:2729.06.2020
0
1559

Ikitaraplaýyn serhet gatnaşyklarynyň täzeden dikeldilmeginden soňra, Eýran Türkmenistana gurluşyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň ilkinji tapgyrlaryny eksport etdi.

Ýakynda 30 wagon sement Inçeburun serhet nokady arkaly Türkmenistana ugradyldy. Bu barada Eýranyň «Mehr» habarlar agentligi ýurduň Gümrük edarasynyň metbugat wekili Seýed Ruholla Latifanyň aýdanlaryna salgylanyp, habar berýär. Alty wagondan ybarat azyk önümleri bolsa Lotfabad ― Artyk nokady arkaly eksport edildi.

Sarahs serhet nokady arkaly eksport edilen harytlaryň mukdary bolsa 120 wagona ýetýär.

Ýurduň Gümrük edarasy ýene-de 101 wagon önümiň ýakynda Inçeburun nokady arkaly Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana eksport ediljekdigini habar berdi.

Eýranda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň dowam edýändigi sebäpli, serhet nokatlarynda wagonlarda doly zyýansyzlandyryş işleri geçirilýar. Şeýle hem olar berk sanitar gözegçiligine alynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň