Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin: “Hytaý-türkmen gatnaşyklary yzygiderli we durnukly ösüş ýagdaýynda saklanýar”

07:4029.06.2020
0
12037

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Hytaý Lideriniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

“Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklary yzygiderli we durnukly ösüş ýagdaýynda saklanýar. COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen epidemiýa garşy göreşmekde biziň ýurtlarymyz birek-birege goldaw berýär, tejribe alyşýar we wehimlere bilelikde garşy durýar. Munuň özi ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini äşgär edýär.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärin we «Bir guşak, bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» ýaly iki ýurduň we halklaryň başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegine bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy nygtaýaryn.

Size berk jan saglyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň