Soňky habarlar

Arhiw

Zelenskiý Berdimuhamedowy Ukraina sapar bilen çagyrdy

07:1729.06.2020
0
15559

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Ukrain Lideriniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

“Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýurduň gülläp ösmeginiň bähbidine ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan goşandyňyza ýokary baha berýärin.

Biziň ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi özüňiz üçin islendik amatly pursatda Ukraina resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, ýokary döwlet işiňizde ägirt uly üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa asuda asman we abadançylyk arzuw edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň