Putin Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

06:4429.06.2020
0
17937

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Rus Lideriniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siz, watandaşlaryňyzyň arasynda we daşary ýurtlarda tejribeli, öňdengörüji döwlet işgäri, öz ýurdunyň hakyky Lideri hökmünde uly abraýdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada Siziň döwletleriň arasyndaky möhüm gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berilýär.

Biziň işjeň gatnaşyklarymyzyň we netijeli bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikler arzuw edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň