Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: Marydaky duşuşyklar tamamlandy

23:5328.06.2020
0
3336

Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Mary şäherinde geçirilen 12-nji tapgyryň ilkinji duşuşygy uly hasap bilen tamamlanyp, onda “Migrasiýa” “Olimpden” 16:1 hasabynda ýeňiş gazandy.“Daýhanbank” “Serhetçi” bilen geçiren duşuşugynda deňlik bilen oňňut etmeli boldy (2:2).

“Gümrükçi” bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnan “Senagatbank” topary ýaryş tertibinde bäşinji orny eýeleýär. “Deňizçi” bilen duşuşan “Köpetdag” topary Naýbaşy ligasyndaky 10-njy ýeňşini gazandy (3:2).

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 31 utuk toplan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 23 utuk toplan “Migrasiýa” ikinji, 22 utuk toplan “Gümrükçi” üçünji orny eýeleýärler.

Futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň 13-nji hem-de 14-nji tapgyrlary 9-10-njy iýulda Aşgabatda geçiriler. Naýbaşy ligasynyň oýunlarynyň paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň