Türkmenistanyň Prezidenti maşgala agzalary bilen «Altyn köle» bardy

23:4328.06.2020
0
17734
Türkmenistanyň Prezidenti maşgala agzalary bilen «Altyn köle» bardy

28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Altyn köle» bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti agtyklary bilen ýörite suw ulagyna münüp, kölde birnäçe öwrüm etdi. Tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirýän çagalar bu purstatlara has-da begendiler.

Milletiň Lideri agtyklary bilen suw ulagynda ýüzüşi tamamlap, kölüň kenaryna geldi. Soňra döwlet Baştutany we agtygy Kerim hersi bir skuterde kölde ýüzüşi amala aşyrdylar. Kölüň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maşgala agzalary bu ýerden açylýan ajaýyp görnüşleri, töweregiň tebigy aýratynlyklaryny we kölüň kenarynda emele gelen dynç alyş düzümine degişli desgalary synladylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýüzüşi tamamlap, kenara çykdy we Aşgabadyň ýakasyny bezäp oturan bu kölüň täsin gözelligini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň