Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agtyklary bilen Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

23:4128.06.2020
0
16922

Şu gün — dynç güni milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi — diýip, TDH ýazýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen toplumyň ýapyk manežine geldi. Bu ýere milletiň Lideriniň agtygy, at çapmakda ussatlygyň ýokary derejesini, bedew seýislemekde birnäçe gezek kämilligini görkezen Kerim ajaýyp ahalteke bedewlerini açyk maneže alyp geldi.

Şu pursatda döwlet Baştutanynyň uly agtygy Enejan bedewiň suratyny çekmäge başlady. Milletiň Lideriniň beýleki agtyjagy Aýgül özüniň zehin siňdirip dokan alajasyny bedewiň boýnuna dakdy. Türkemnistanyň Prezidentiniň agtyjagy Aýjeren hem özüniň bedewiň boýnuna dakmak üçin niýetläp alaja dokandygyny aýtdy. Aýjeren dokan alajasyny behişdi bedewiň boýnuna dakdy. Döwlet Baştutany agtyjaklarynyň döreden el işlerine guwandy.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aýjereni bedewe mündirdi. Şu pursatda begenjinden uçaýjak bolýan agtyjagyň atasyna bolan guwanjy aýdyň duýulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti agtyjagy Aýjereni bedewden düşürip, oňa özi atlandy we manežiň çapuw ýodasynda öwrüm etdi.

Soňra döwlet Baştutany Şapolat atly bedewe atlandy we manežiň çapuw ýodasynda öwrüm etdi.

Milletiň Lideri agtyklary bilen suratkeş agtygy Enejanyň çeken suratyny synladylar. Kagyzyň ýüzünde buýsançly ahalteke bedewiniň keşbini janlandyran Enejan öz eserinde ajaýyp bedewiň özboluşly aýratynlyklaryny kämil derejede şekillendirdi. Munuň özi yhlas bilen kämillik ýoluna düşen ýaş suratkeşiň yhlasynyň, zehininiň aýdyň miweleri bolup durýar.

Bu ýerde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň