Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky düzümleriň ösdürilişi bilen tanyşdy

23:4727.06.2020
0
38239
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky düzümleriň ösdürilişi bilen tanyşdy

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, şäheriň abadanlaşdyrylyşy hem-de onuň arassaçylyk şertleriniň degişli derejede saklanylyşy bilen tanyşdy — diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany iş saparynyň barşynda awtomobil we ýerasty pyýada geçelgeleriniň gurulmagy bilen ulag ýolunyň bir böleginiň düýpli abatlanylýan uly şaýollarynyň çatryklarynyň birinde gurluşyk meýdançasyny gözden geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti desgany gözden geçirip, ýurdumyzyň baş şäherinde işjeň alnyp barylýan şäher gurluşygynyň, awtoulaglaryň sanynyň artmagynyň köçe-ýol ulgamynyň kemala getirilmegine düýbünden täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň demirgazyk bölegine, Çoganly ýaşaýyş toplumyna ugrady. Döwlet Baştutany bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşygyň hiline örän berk talap bildirdi.

Milletiň Lideri ýol-ulag düzümleriniň desgalaryny gözden geçirip, olaryň abadanlaşdyrylyşyna hem-de bu etrapda ekologiýa ugruna degişli işleriň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutany oňaýly, sagdyn ekologiýany, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bagy-bossanlyga büreýiş işleriniň, arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Bäşekowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň