Kiýewde Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

15:4827.06.2020
0
2265
Kiýewde Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

Surat: "Туркменистан: Золотой век"

26-njy iýunda Kiýewde dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylan bagda beýik dana türkmen şahyryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guran çäresine Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radasynyň deputatlary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanyndaky «Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça baş direksiýanyň» ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň, telekeçilik düzümleriniň wekilleri, kowçum ýaşaýan türkmenleriň agzalary we Kiýewiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Şahyryň ýadygärliginiň öňünde talyplar we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Magtymgulynyň goşgylaryny türkmen hem-de ukrain dillerinde labyzly okadylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew ýygnananlara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň ösüşine goşan goşandy barada gürrüň berdi. Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy temasyna degip geçmek bilen, ilçi medeniýet we ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Dabarada Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýko çykyş edip, türkmen halkyny 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli gymmatlyklary saklap galmaga we artdyrmaga, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge uly şahsy goşandyny belläp, Türkmenistana abadançylyk arzuw etdi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini derňeýän, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň birnäçesini ukrain diline terjime eden, professor N.S.Waskiw türkmen halkyny baýram bilen gutlady. Tanymal alym Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoly, şahyryň watanperwer goşgylaryny okandan soň onuň poeziýasyna dörän şahsy garaýşy barada gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň