Türkmenistanyň Prezidenti ähli watandaşlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen Gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:
«Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuň manysy bar. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar.
Mähriban halkym!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin».