Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti öz halkyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady

00:3527.06.2020
0
4913

Türkmenistanyň Prezidenti ähli watandaşlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen Gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:

«Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuň manysy bar. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar.

Mähriban halkym!

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň