Türkmenistanda «Milli VISA karty» ulanyşa girizilýär

23:3126.06.2020
0
24468

Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň  Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirildi.  Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 26-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Wise-premýer munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň